JEMGYÝET

“Türkmenistan” awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň sanyny artdyrdy

Ýurdumyzyň şäherleriniň arasyndaky uçar gatnawlary kem-kemden artdyrylýar. 1-nji iýundan başlap, sebit merkezlerinden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýän raýatlar üçin her gün Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawlary amala aşyrylýar. Bu barada “orient.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda, Daşoguzda we Türkmenbaşyda ýerleşýän howa menzilleriniň arasynda uçar gatnawlary dikeldildi.

Içerki uçuşlar amala aşyrylanda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin sanitariýa we epidemiologiki howpsuzlygyň ähli çäreleri berk berjaý edilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň içerki gatnawlarynyň tertibini şu ýerden yzarlap bilersiňiz.

Şeýle hem ýakyn wagtda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze howa menzilini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şu günler täze howa menziliniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär.

 

Içerki demir ýol gatnawlarynyň sany artýar

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy