DÜNÝÄ

Türkmenistan Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama duşenbe güni «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Neşir edilen gününden güýje girýän Kanuna laýyklykda, Rio-de-Žaneýro şäherinde kabul edilen Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak bellenildi.

Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny (GGGI) — ştab-kwartirasy Seulda ýerleşen halkara hökümetara guramadyr. Guramanyň taslamalary ösüp barýan ýurtlarda we bazar ykdysadyýeti emele gelýän ýurtlarda howanyň üýtgemegi şertlerinde «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek arkaly ählumumy we durnukly ösüşi kadalaşdyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda GGGI dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda 54 sany taslamany durmuşa geçirýär.

 

24-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Related posts

Ozalky Prezident Jimmi Karter üçin duýgudaşlyk bildirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Milli Liderimiz «ýaşyl ösüş» ulgamyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdi

Ata Watan Eserleri