BIZNES

Türkmenistan 10 aýda Gruziýa 54,9 müň tonna awiasion ýangyç eksport etdi

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gruziýa awiasion ýangyjynyň 54,9 müň tonnasyny eksport etdi diýip, Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesi habar berýär. Şu ýylyň on aýynda Gruziýa 73,5 müň tonna uçar ýangyjyny import etdi.

Gruziýa eksport edilen bu önümiň jemi möçberiniň 74,7%-i Türkmenistanyň paýyna düşdi. Şeýlelikde, ýurdumyz Gruziýa awiasion ýangyjy eksport etmekde lider boldy.

Degişli döwürde Gruziýa uçar ýangyjyny eksport etmek boýunça Azerbaýjan ikinji orny (12 müň tonna), Italiýa bolsa üçünji orny (10 müň 500 tonna) eýelediler.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, önümiň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 54,7% ýokarlandy.

Birleşmäniň bellemegine görä, Gruziýada uçar ýangyjynyň importynyň ep-esli ýokarlanmagyna howa gatnawlarynyň dikeldilmegi sebäp boldy. Bu ösüş ýakyn aýlarda dowam eder diýlip çaklanylýar.

Belleäp geçsek, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda benziniň we dizel ýangyjynyň 122,6 müň tonnasyny Gruziýa eksport etdi. Bu görkeziji Gruziýanyň benzin we dizel ýangyjynyň importynyň umumy möçberiniň 23%-ni düzdi.

 

Haýsy şäher ilki “Metaverse” dünýäsine gadam basar?

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler