BIZNES

“Türkmengaz”: himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn alar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernini zerur bolan himiki serişdeler, katalizatorlar we keramiki şarlar bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, önümçiligi zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça dürli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Dürli ölçegli oturtma turbalary satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy hem taýýarlanyldy. Dürli ölçegli oturtma turbalary täze burawlanýan nebit guýularynyň gurluşygynda ulanmak meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistanda 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekiler

Ýene-de okaň

«Malaý» gaz käni: 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

«Uzynada» käninde täze gaz akymy alyndy

«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalar

Türkmenistan 2024-nji ýyldaky eksporty 12 milliard dollardan geçdi

Türkmenistanda 77 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi