TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenbaşy jins toplumy täze önümlerini görkezdi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna  bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi geçirildi. Sergä ýurdumyzyň ähli hususy kärhanalary öz önümleri bilen gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy jins toplumyň “Bedew” haryt nyşanly jins önümleri hem bar. Biz Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen şol ýerde bolanymyzda, Türkmenbaşy jins toplumyň baş direktory Begaliýew Baýrammyrat Allamyradowiç bilen söhbetdeş bolduk.

  • Baýrammyrat Allamyradowiç ilki bilen sizi ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
  • Sag boluň, elbetde şu mukaddes toýumyzyň toýlanýan gününiň öň ýanynda geçirilýän sergä biz fabrigimizde öndürýän önümlerimiz bilen gatnaşýarys. Ynha, görşüňiz ýaly bu ýerde öndürýän önümlerimiziň ähli ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen. Çaga eşiklerinden başlap uly ýaşly adamlar üçin ähli görnüşdäki egin-eşikler elýeterli bahadan halkymyz satyn alyp bilerler. Esasanda bu ýerde güýz paslyna degişli önümlerimizi çykardyk.
  • Tikin fabrigiňiziň işi barada gürrüň beräýseňiz?
  • 1995-nji ýylda fabrikanyň doredilem gününden bäri tekstil bölüminde jins matalary ondürip gelinýär. Jins toplumy egriji, reňkleýji-dokma we tikinçilik sehinden ybarat. Jins toplumynda öndürilen jins matalar we taýýar önümler dünýä bazary bilen bäsleşýär. Türkmenistanyň dokma senagat ministrligi bilen bilelikde Çalyk Holding toparynyň Gap Güneýdogu firmasynyň ylalaşygyna laýyklykda 1996-njy ýylda bu toplumyň düýbi tutuldy, 1995-nji ýylyň 18-nji awgustynda bolsa reňkleýji-dokma fabrigi ulanylyşyga girizildi. 1996-njy ýylda Ýewropanyň dikeltme we ösüş bankynyň (ÝÖDS) gatnaşmagy we kredit bermekligi bilen toplum halkara orny eýeledi. 1997-nji ýylyň oktýabr aýynda egriji we tikinçilik fabrikasy işe girizilip bilelikde önümçiligiň düýpgöter ýokarlanmagyna ýardam berdi. Fabrikada Bütindünýäde “ TAJIMA” markaly nagyşlaýjy meşhur enjamlar ulanylýar. Nagyşlaýjy enjamyň 15 kellejigi we 9 sany iňňesi bar. Olaryň her haýsy awtomatlaşdyrylan enjam ulgamlaryndan bolup, olary diňe iň gowy önüm öndürmäge ukyply edilip bilim berlen işgärler dolandyryp bilerler.

Tikinçilik sehi matalary tikmäge taýýarlanan we onuň hilini dolandyrýan 7 bölümden ybarat. Tikin maşynlaryň : “Juki”, “Pegasus”, “Singer”, “Union Special” we “Vibe Mac” bular ýokary hilli önümleri öndürmek üçin ulanylýar.

  • Egriji fabrikasynyň labaratoriýasynda gündelik edilýän işler dogrusynda aýdaýsaňyz?
  • Egriji fabrikanyň fiziki labaratoriýasynda öndürijiligiň geçiş maksatnamasyna görä: Nomerini anyklamak üçin barlag, uster barlagy, sapagy aýlamak barlagy we berkligi barlamak ýaly barlaglar geçirilýär. Fiziki labaratoriýanyň geçiren barlagyna görä stanokdaky näsazlyklar anyklanylyp düzgüne görä egriji sehe habar berilýär. Seh hem öz gezeginde näsazlyklaryň sebäbini anyklap çäre görmäge girişýär we önümçilik dowam edýär. Labaratoriýada SPSS programma paketi bar. Şol programma pakete görä nomeri, sapagy aýlamak we berkligi hem-de gara tagtany barlamak üçin barlaglar geçirilýär. Barlagyň netijesine görä her barlag üçin önümiň berkligi, derejesi we ýagdaýy anyklanylýar.
  • Öňde goýýan maksatlaryňyz barada hem aýdaýsaňyz?
  • Dünýä ulgamlaryna kybap gelýän jins matalary we jins önümlerini dünýä ülňülerine laýyk öndürmekde baş orny eýelemek. Dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli harytlaryň öndürüjiligini ýerli çig mallary ulanmagy ýokarlandyrmagyň hasabyna köpeltmek. Tehnologiýa we nou-hau alyş-çalşyny dowam etmek hem-de ýerlerini we kärhananyň özboluşly medeniýetini döretmek.
  • Baýrammyrat aga, biz bilen söhbetdeş bolup, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size işleriňizde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Baýramyňyz gutly bolsun!
  • Sag boluň!

Söhbetdeş bolan:Gunça Hamedowa,

Türkmenistanyň  DIM-niň  Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistika fakultetiniň  talyby.

 

 

Türkmenistan Russiýa gynanç bildirdi

 

 

Ýene-de okaň

Himiýa pudagy oba hojalygy üçin ähmiýetlidir

Garaşsyzlyk — bagtymyz

Döwletli maslahat – ösüşleriň buşlukçysy

Teswirle