TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky gatnaw

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Şol habarda ýolagçylara el-goşlaryň köpdügi we olaryň ýerleşmändigi sebäpli mundan soň amala aşyrjak ýörite gatnaw arkaly el-goşlaryň äkidiljekdigi mälim edilýär.

Şoňa görä-de, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda nobatdaky ýörite uçar gatnawy 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, koronawirus pandemiýasy döwründe Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy ýörite gatnawlary amala aşyrýar.

Bu awiakompaniýasy 2020-nji ýylyň martyndan 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 32 ýörite gatnaw amala aşyrdy. Bu gatnawlaryň agramly bölegi Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetirildi.

2022-nji ýyl boýunça Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda ilkinji ýörite gatnaw 14-nji ýanwarda ýerine ýetirildi. Üstümizdäki ýylyň 2-nji ýörite gatnawy 28-nji ýanwarda ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem, düýn Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnawy ýerine ýetirdi.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem 2022-nji ýylyň 4-nji we 9-njy ýanwarynda ýörite gatnawlary ýerine ýetirdi we 21-nji ýanwarda ýene-de bir gatnawy ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

 

Türkiýede talyp haky bilen bilim : 2022

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle