JEMGYÝET

Türkmenabat halkara howa menzilinden howa gatnawlary dikeldildi

1-nji iýundan Türkmenabat halkara howa menzilinden ýurduň sebitlerine howa gatnawlary dikeldildi. Howa gatnawlarynyň tertibi «Türkmen gündogary» gazetiniň 3-nji iýundaky sanynda çap edildi. Bu barada “jeyhun.news” internet neşirinde habar berildi.
Ozal bu ýerden diňe «Türkmenabat — Aşgabat —Türkmenabat» ugry boýunça gatnaw amala aşyrylýardy. Indi lebaplylar we onuň myhmanlary Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerine hem uçarly gidip bilerler. Uçuşlar «Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat» ugry boýunça hepdede üç gezek: duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri, «Türkmenabat — Daşoguz — Türkmenabat» ugry boýunça hepdede iki gezek: duşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.
«Türkmenabat — Aşgabat —Türkmenabat» ugry boýunça, ozalkysy ýaly, günde iki gezek gatnaw dowam eder.
1-nji iýundan «Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat» ugry boýunça awtobus gatnawynyň dikeldilendigini habar beripdik. Şol seneden «Türkmenabat — Gazojak — Türkmenabat» we «Türkmenabat — Amyderýa — Türkmenabat» aralygynda otly gatnawlary hem ýola goýlupdy.

 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna howa gatnawy açyldy

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (43-sany)

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetine garaldy

Oguljahan Atabaýewa Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri