Türkmen ýaşlary Wengriýanyň uniwersitetlerine okuwa çagyrylýar

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ­ BI­LIM­ MI­NISTR­LI­GI 2021-2022-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär.

Wengriýanyň ýokary okuw mekdep­lerine umumy orta ýa-da orta hünar bilimli (magistratura talyp ýerlerine ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik hem-de 2021-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan 2020/2021-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, iňlis dilini bilýän Türk­menistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda ka­bul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýo­kary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary bo­ýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary 2021-nji ýylyň 20-nji fewraly—1-nji marty aralygynda şu aşakdaky bilim edaralarynda kabul edilýär:

  • Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň dalaşgärleri üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde;
  • Balkan welaýatynyň dalaşgärleri üçin Balkan welaýat Baş bilim müdirliginde;
  • Mary welaýatynyň dalaşgärleri üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda;
  • Lebap welaýatynyň dalaşgärleri üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
  • Daşoguz welaýatynyň dalaşgärleri üçin Türkmen oba hojalyk institutynda.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
  • umumy orta bilim ýa-da orta hünär bi­limi baradaky resminamanyň (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin ýokary bi­lim baradaky resminamanyň) asyl nusgasy ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlar daky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk gü­wänamasy);
  • soňky okan ýa-da iş ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm möçberde 12 sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Okap bilersiňiz  Koronowirus 50 adama döwlet getirdi

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • Türkmenistanyn Ýaragly Güyçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
  • Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda Wengriýa okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaş gärden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi

2021-nji ýylyň 7-9-njy marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýun­ça we Türkmenistanyň taryhyndan söhbet­deşlik) görnüşinde geçirilýär.

Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden, Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1958- nji (Andalyp) köçesiniň 169-njy jaýy. Telefon belgileri: 3985-62, 3985-25.

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň salgysy: Balkanabat şäheriniň 168 -nji ýaşaýyş jaý toplumy.

Telefon belgileri: 800222 64902, 800222 64994.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň 62- nji jaýy. Telefon belgileri: 800522 57502, 800522 57517.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Şabende köçesiniň 7 -nji jaýy. Telefon belgileri: 800422 34525, 800422 36587.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy.

Telefon belgileri: 800322 93392, 800322 92747.