TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmen ýaşlary halkara surat festiwalyna gatnaşdy

2022-nji ýylyñ 7-8-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň medeni we taryhy gymmatlyklara baý bolan Esfahan welaýat häkimliginiñ çakylygy esasynda, Türkmenistanyñ Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Gurbanowyň bu welaýata iş sapary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyñ Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Saparyñ dowamynda Esfahan welaýat häkiminiñ we EYR-nyň daşary işler ministriniñ geñeşçisiniñ gatnaşmagynda dabaraly Halkara surat çekmek festiwalynyñ jemleýji sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara 20-den gowrak ýurtdan takmynan 2500-e golaý surat gatnaşdyrylyp, ýurdumyzyñ orta mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary hem ýurdumyzyñ abraýyna goşant goşup, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

Mundan başga-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Esfahan welaýatynyñ häkimi, EYR-nyň daşary işler ministriniñ geñeşçisi we beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşyklar guraldy.

 

 

Awazada dynç almak üçin Online rugsatnama

Ýene-de okaň

Hytaýyň çaý medeniýeti ÝUNESKO-nyň sanawynda

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Teswirle