DÜNÝÄ

Türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagtynda ýerleşýän «Melia» myhmanhanasynda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalary, nebit we gaz, energetika, söwda, gurluşyk, binagärçilik we ulag ulgamyna ýöriteleşdirilen, 40-a golaý wýetnam kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Işewürler maslahatyň esasy maksady Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, täze çözgütleri işläp taýýarlamak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn ykdysady we iş gatnaşyklaryna seretmek we derňemek, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary boýunça, söwda şertleri, maýa goýum we ykdysady integrasiýasy barada  söwda ulgamynyň kompaniýalary we döwlet düzüminiň wekilleri bilen  pikir alyşmaga mümkinçilik gazandylar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi, şeýle hem, türkmen wekilýetiniň agzalary bilen wýetnam wekilýetiniň kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşuklary geçirildi. Işewürler maslahatyň netijelerine görä, Hanoýda türkmen we wýetnam telekeçileriniň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda ýola goýlan bu forum iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine we giňeldilmegine täzeden itergi berjekdigini foruma gatnaşyjylar uly ynam bilen bellediler.

 

Lebap welaýatynda täze metjidiň düýbi tutuldy

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Pakistanyň Deňiz ministrligine bardylar

Türkmenistanyň ilçisi “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

“Greencard” loteriýasyna gatnaşmak tölegli bolar

Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy YHG-nyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy