BIZNESDÜNÝÄ

Türkmen-türk işewürlik gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň bilelikdäki wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň berýän maglumatyna laýyklykda, Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň 2-nji mejlisi onlaýn tertibinde geçirildi. Oňa Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady hyzmatdaşlygy guramasynyň (DEIK) ýolbaşçysy Nail Olpak, Türkiýe-Türkmenistan işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy Halil Awjy, Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçysy Kazym Gündogar we köp sanly işewürler gatnaşdy.

Türkmen tarapyndan bu mejlise Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy D. Rejepow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi I. Amanlyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy T. Gurdow hem gatnaşdy.

Duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlenjek meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek, oba hojalygy, gurluşyk, energetika, saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleler barada pikir alşyldy. Energetika, ulag we logistika pudaklarynda işewür forumlary geçirmek teklip edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň tebigy gazynyň hem-de nebitiniň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça 2021-nji ýylda Stambul şäherinde forum gurnamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn tertibinde geçirilen duşuşykda şu ýylyň dowamynda Türkiýäniň dürli welaýatlarynda tanyşdyrylyş çäreleriniň gurnalmagy, oba hojalygy, gurluşyk we suw hojalygy ulgamlarynda ikitaraplaýyn saparlaryň amala aşyrylmagy babatda degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Iki ýurduň arasynda söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýol kartasyny kesgitlemek barada ylalaşmak bilen, gatnaşyjylar kiçi we orta telekeçiligi goldamak we bank pudagyndaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy