DÜNÝÄ

Türkmen-türk gatnaşyklaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary inistitutynda durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet Merkeziniň çäklerinde (DÖMYUM) Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýewiň, şeýle hem inistitutyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy Türkmenistan–Azerbaýjan–Türkiýe üçtaraplaýyn formatyndaky 1-nji duşuşygyň ähmiýetine bagyşlanyp, onuň başynda ilçi talyplara türkmen-türk gatnaşyklarynyň, ýagny bu iki ýurduň arasynda alnyp barylýan diplomatik, syýasy, ykdysady, medeni, söwda, ylym-bilim ugurly gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem diplomat talyplara ýurdumyz bilen Türkiýe Respuklikasynyň arasynda ýola goýlan ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary we saparyň çäklerinde baglaşylan ylalaşyklar dogrusynda gürrüň berdi.

Okuw sapagyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglary bilen ilçä ýüzlendiler, giňişleýin jogap aldylar. Türkmen-türk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen duşuşyk talyplarda uly täsir galdyrdy.

Ogulmiwe Jumadurdyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň  Halkara žurnalistika fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi