DÜNÝÄ

Türkmen-türk gatnaşyklary: diplomaitk gatnaşyklary 30 ýyl doldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz gutlag hatynda geçen döwrüň içinde doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejelere çykandygyny, özara netijeli hyzmatdaşlygyň baý we oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda, milli hem-de taryhy umumylyga, medeni we ruhy ýakynlyga, özara hormat goýmaga hem-de birek-birege ýakyndan goldaw bermek tejribesine eýerýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýurtlaryň we halklaryň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi