JEMGYÝET

Türkmen türgenlerı – «Ýüpek ýoly» rallisinde ähli baýrakly orunlary eýeledi

«Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. “Ýüpek ýoly” rallisi her ýyl geçirilýän meşhur awtosport ýaryşlarynyň biridir. Ýewraziýa yklymyndan geçirilýändigi üçin ýaryşyň ady sebit bilen baglanyşyklydyr.

Bu rallide T2 ýaryşynyň çäklerinde türkmen türgenleri başdan bäri özleriniň tejribelerini görkezdiler we uly üstünligi gazanmagy başardylar.

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň sürüjileri 10 tapgyrdan ybarat bolan «Ýüpek ýoly» halkara rallisinda ýeňiji bolmagy başardy.

Halkara ralliniň resmi saýty bolan “silkwayrally.com” saýtyndaky habara görä, türkmen türgenleri T2 ýaryşynyň çäklerinde ähli baýrakly orunlary eýelemegi başardy.

10 gün mundan ozal, 4,5 müň kilometre golaý ýoly geçmek üçin Astrahandan ýola çykan ýaryşa gatnaşyjylar ähli synaglardan geçdiler we mynasyp baýraklary aldylar.

«Т2 1000 km-den ýokary» ralli ýaryşynda ýeňijiler:

  1. Toýlyyew Merdan/ Toýlyyew Şöhrat, “Nissan Patrol”  48:47:25
  2. Gurbanow Şamyrat/ Gurbanow Muhammetmyrat, “Nissan Patrol” +0:07:47
  3. Daňatarow Maksatmyrat/Orazmedow Didar, “Nissan Patrol” +3:59:44

Türkmen türgeni – «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ýeňijisi

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa sebiti boýunça ilkinji tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy iş gerimini barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýet toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary

Türkmenistan bilen Hindistan ýokary derejeli saparlary gurnar

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn diline terjime edildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Ata Watan Eserleri