SPORT

Türkmen türgenleri Bursada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanyň türgenleriniň şu ýylyň 20 ― 21-nji noýabry aralygynda Türkiýäniň Bursa şäheriniň häkimliginiň kömegi bilen Alpagut sport klublarynyň federasiýasy tarapyndan geçiriljek Alpagut boýunça Ýewraziýanyň çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýewraziýanyň çempionaty 20 ― 21-nji noýabr aralygynda Bursa şäherinde geçiriler.

Alpagut ― türki dilli halklaryň milli sport görnüşleriniň biridir. Sportuň bur görnüşi bilen Ýer ýüzüniň üç yklymynda 30-dan gowrak döwletiň wekilleri meşgullanýar.

Bu görnüşe başgaça «Turan söweş sungaty» hem diýilýär. Görnüşiň ady «Mukaddes göreşiji» diýen manyny berýär. Bu görnüşiň özenini türki dilli halklara mahsus gadymy göreş sungatlary düzýär.

Bursa şäheriniň häkimligi Ýewraziýa çempionatynyň Kestel ýaşlar we sport müdirliginiň Sport toplumynda geçiriljekdigini habar berdi. Çempionata dünýäniň 11 döwletinden 250 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýewraziýa çempionatynyň açylyş dabarasy 20-nji noýabr güni ýerli wagt bilen 15:00 ― 16:00 aralygynda geçiriler. Ýewraziýa çempionatyna biziň ildeşlerimizden başga-da, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Yragyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Bangladeşiň we Owganystanyň türgenleri gatnaşar.

 

19-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy