TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen türgenleri – Aziýanyň çempiony

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatyndan birnäçe hoş habar gelip gowuşdy. Halkara ýaryşda 64 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Medine Amanowa ýaryşyň altyn medalyny gazanyp, Aziýanyň çempiony bolmagy başardy.

Medine ştangany silterläp götermekde 85 kilogramyň, itekläp galdyrmakda 104 kilogramyň hötdesinden geldi. Onuň umumy netijesi 189 kilograma deň boldy. Ol üç görkeziji boýunça-da öňdeligi elden bermedi. Medinäniň şol bir wagtyň özünde ýaşlaryň ýaryşyna hem gatnaşandygyny bellemelidiris. Ol bu ýaryşda-da iki bürünç medal gazandy. Türgen gyza ýaşlaryň bäsleşiginde silterläp götermekde hem-de umumylykda gazanan netijesi boýunça medallar gowşuryldy. Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowany ýaryşa kakasy we tälimçisi Gurbandurdy Amanow taýýarlady.

89 kilogram agram derejesinde ýetginjekleriň ýaryşynda çykyş eden ildeşimiz Saparly Muhyýew hem altyn medal aldy. Ol silterläp götermekde 135, itekläp götermekde 165 kilogram agyrlygyň hötdesinden geldi we bu görnüşleriň ikisinde-de oňa taý tapylmady. Umumylykda galdyran agramynyň jemi 300 kilograma deň bolup, bu görkeziji ony altyn medala we Aziýanyň çempionlygyna ýetirdi.

Ýaryşa yklymyň 21 döwletinden 260-dan gowrak türgen gatnaşýar. Şolaryň 16-sy türkmenistanly türgenlerdir. Olara tälimçileriň 4-si halypalyk edýär. Halkara ýaryşa türkmen türgenleriniň şowly netijeler bilen başlandygyny bellemelidiris.

Yklym derejesindäki ýaryşyň ilkinji günlerinde ýetginjek oglanlaryň arasynda 55 kilogramda çykyş eden Perhat Bagtyýarow itekläp 125 kilogram agramy götermegiň hötdesinden gelip, kiçi bürünç medala eýe boldy. Silterläp götermekde 102 kilogram agyrlygy galdyran zehinli ýetginjegiň umumy netijesi 227 kilogram bolup, ol ýaryşa gatnaşan 9 türgeniň arasynda bäşinji orny eýeledi.

Ildeşlerimiziň çykyşlary dowam edýär. Aziýa çempionaty 25-nji iýulda tamamlanar.

 

 

Mane – Afrikanyň iň gowy futbolçysy

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew rus futbolyna dolanmakçy

Katar-2022: Ronaldo we Neýmar ýaşyl meýdança çykýar

Katar-2022: Ispaniýadan 7:0-lyk uly hasaply ýeňiş

Teswirle