SPORT

Türkmen türgeni wise-çempion boldy

Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgeni kümüş medaly gazandy.

Perhat Bahtiýarow dünýä çempionatynyň 2-nji gününde kümüş medalyň eýesi boldy. 17 ýaşly türgen 61 kilogram agramda wise-çempion bolmagy başardy. Ol ştangany götermek babatda 258 kilogramy göterip, ikinji orny eýeledi. Bu ugurda birinji orny filippinli Delos Santos eýeläp, onuň görkezijisi 259 kilograma deň boldy.

Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşa 9 türgen bilen gatnaşýar.

Related posts

Çempionlar ligasy: “Real” utuldy “Bawariýa” utdy

Ronaldo Angliýa gollary bilen dolandy

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Leave a Comment