TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen telekeçileriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda guralýan sergä ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň 190-dan gowragy öz önümleri görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara öz Gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynda senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen bu çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýändigi bellenilip geçilýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe 13 ýyl doldy. Şol mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagyna sergi we maslahat geçirildi. Oňa oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, halk senetçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp, öz gazanan üstünliklerini görkezýärler.

Bu ykdysady gözden geçirilişiň esasy maksady hususy pudagyň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr. Sergi bilen bir hatarda geçirilen maslahatda hususy bölegiň öňünde duran düýpli döwlet maksatnamalary boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Kosmonawt zenan «Barbi» görnüşinde

 

 

Ýene-de okaň

Biržada nebit önümleri uly isleg bildirilýär

Türkmenistanyň Astrahandaky logistika merkezi Merkezi Aziýanyň Russiýa deňiz çykalgasy bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Rumyniýa tebigy gaz iberer

Ata Watan Eserleri

Teswirle