SIZDEN GELENLER

Türkmen telekeçileri ösüşiň täze tapgyrynda

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaraly bellenjek “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzyň  mart aýynyň 17-18-i aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe 13 ýyly doldy. Şol mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede sergi we maslahat geçirildi. Bu sergä ýurdumyzda öndürilýän oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, gurluşyk matirýallary, we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, ylym-bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, türkmen milli hally önümler, halk senetçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp, öz gazanan üstünliklerini görkezýärler.

Olaryň hatarynda “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy özüniň öndürýän miwe önümleriniň görnüşleri we hususy kärhanada alnyp barylýan gurluşyk işleriniň çyzgylary bilen sergä işjeň gatnaşdylar. Bu kärhananyň direktory Toýly  Çaryýewiň gürrüň berşine görä, bu kärhanada häzirki wagtda döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi halkyň söýgüsini gazanandyklaryny şaýatlyk edýär. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynda 2 otagly, 3 otagly we 4 otagly jaýlar gurulýar. “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy diňe bir gurluşyk işleri bilen däl-de, eýsem miweli önümlerini hem ösdürip ýetişdirýärler.Mary welaýatynyň Oguzhan Etrabynda ýerleşýän “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy 300 gektar meýdanda üzümçilik, miweli  hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler.  Şu ýyl telekeçi T.Çaryýew tarapyndan 500 tonnadan gowrak alma we üzüm hasyllary  ýygnaldy we nahal ösdürip ýetişdirmek üçin takmynan 70 müň üzüm nahallary oturdyldy, olaryň 20 müňüsi kişmişdir. Häzirki wagtda bu kärhana dürli görnüşli 50 müň töweregi bag ösdürýär. Bu hususy kärhanada alma baglary polipropilen örtükden ýasalan kölegelikler bilen doly örtülendir. Bu usul gün şöhlesinden gaça durmak üçin ulanylýar. Sergä  gatnaşyjy  hususy telekeçiller döwlet tarapyndan  berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

    Döwlet Jumagylyjow,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                               Halkara gatnaşyklary institutynyň

                                        Halkara ykdysady gatnaşyklary

    fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy

 

 

Ýene-de okaň

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr

Magtymguly Pyragy – döwürleriň we köňülleriň şahyry