BILIM

Türkmen talyplary halkara olimpiadasyna gatnaşdy

19-njy aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda I Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi talyplaryň 181-si gatnaşdy.

Olimpiada onlaýn arkaly daşary ýurtlaryň 17-sinden, ýagny Germaniýadan, Wengriýadan, Awstriýadan, Koreýadan, Rumyniýadan, Malaýziýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Belarussiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Tatarystandan, Başgyrdystandan, Özbegistandan, Täjigistandan jemi 270 talyp gatnaşdy.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen I Halkara açyk informatika internet olimpiadasy Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryndan baş çykarýandyklaryny görkezýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy we toparlaýyn ýeňijileri kesgitleniler.

Ýene-de okaň

Türkiýede aspirantura okamak mümkinçiligi

Jon Smit talyp haky maksatnamasy ýüz tutmak üçin açyk!

Türkmenistanyň uniwersitetleri “The Impact Rankings 2024” reýtingine girizildi

Türkmenistan Tatarystandaky bilim ministrleriniň forumyna gatnaşdy

Tehnologiýalar merkezi Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyryldy

“QS World University Rankings 2025”: dünýäniň abraýly uniwersitetleriniň sanawy