TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen samboçylary 22 medal gazandy

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Liwanyň Juniýa şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda diýseň üstünlikli çykyş etdi. Ildeşlerimiz yklym ýaryşynda medallaryň 22-sini gazandylar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Türkmenistanly samboçylaryň gazanan medallarynyň üçüsi altyn medallardyr. Olaryň ilkinjisini ýaryşyň birinji gününde ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda Rustam Annamuhammedow gazandy. Ol 98 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ähli bäsdeşlerinden rüstem geldi.

Yklym ýaryşynyň ikinji gününde ildeşimiz Babajan Iwadullaýew hem hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Ol söweş sambosy boýunça 98 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş etdi. Biziň ýygyndymyzyň üçünji altyn medalyny bolsa sport sambosy boýunça 98 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Guwanç Begalyýew gazandy.

Türkmenistanly türgenleriň bäşisi yklym ýaryşyny kümüş medal bilen tamamlady. Olar söweş sambosy boýunça 64 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Weronika Rus, şu görnüşde 80 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýaryşan Sabina Agajanowa, sport sambosy boýunça 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Begenç Baltaýew, sport sambosy boýunça 50 kilograma çenli agram derejäniň wekili Dinara Iwadullaýewa we ýene-de şol görnüşden 72 kilograma çenli agram derejesinde Rano Uzakowa dagydyr.

Şeýle hem Seýdylla Akmämmedow (ýetginjekler, 64 kilograma çenli), Angelina Filippowa (söweş sambosy, 59 kilograma çenli), Meýlis Nyýazmeňliýew (söweş sambosy, 64 kilograma çenli), Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew (söweş sambosy, 71 kilograma çenli), Rüstem Penjiýew (söweş sambosy, 79 kilograma çenli), Çarymyrat Annagurbanow (söweş sambosy, 98 kilograma çenli), Muhammetmyrat Babekow (sport sambosy, 58 kilograma çenli), Muhammet Kössekow (sport sambosy, 64 kilograma çenli), Kakageldi Ýegenbaýew (sport sambosy, 71 kilograma çenli), Nedir Allaberdiýew (sport sambosy, 88 kilograma çenli), Madina Aýdogdyýewa (sport sambosy, 59 kilograma çenli), Dinara Hallyýewa (sport sambosy, 65 kilograma çenli), Faride Mämmedowa (sport sambosy, 80 kilograma çenli) we Maksuda Egemberdiýewa (sport sambosy, 80 kilogramdan ýokary) dagy medal gaznamyza bürünç medallaryň 14-sini goşdular.

Şeýlelikde, ýakynda Gyrgyz Respublikasynda alyş göreşi boýunça gazanylan üstünliklerden soň türkmen samboçylary hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny üstünliklere beslediler. Olara öňde jogapkärli ýaryşlaryň ýene-de birnäçesi garaşýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle