DÜNÝÄ

Türkmen-rus ylalaşyklaryna gol çekiler

Şu günler ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda saparda bolýarlar. Bu saparyň çäklerinde köp sanly ylalalşyklara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, aşakda görkezilen ýolbaşçylar tükrmen-rus hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy babatda rus tarapynyň wekilleri bilen şu ylalaşyklara gol çekerler.

1) Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa “Sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga”;

2) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa “Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini (2005 ý.) ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ylalaşyga;

3) Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Teswirnama”;

4) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa “Özara söwda barada statistik maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ähtnama”;

5) Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa “Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Transkapitalbank” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Ylalaşyga”;

“Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Döwlet ýöriteleşdirilen Russiýa eksport-import bankynyň (paýdarlar jemgyýetiniň) arasyndaky Ähtnama”;

6) S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa “Ylmy hyzmatdaşlyk we oba hojalyk ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak hakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Önümçilik-ylmy tohumçylyk assosiasiýasynyň (“Tohumlar” assosiasiýasy, Moskwa şäheri) arasyndaky Ähtnama” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

 

Milli Liderimize Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

Ýene-de okaň

Kaliforniýanyň Dawis şäherinde Türkmenistan tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Putin 26-27-nji maýda Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Türk aşhana hepdeligi badalga aldy: Aşgabatda çäreler guraldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy