JEMGYÝET

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi

Golaýda Daşoguz şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine iki ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz suw serişdelerini rejeli ulanmaga, ekin meýdanlaryny suwarmak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, suw hojalyk pudagynda suwa aýawly garamak ýörelgelerine hem-de ekologik ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu barada “Daşoguz habarlary” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de ýeterlik suw gorlaryny döretmek işleri giň gerimde dowam edýär.

Ýurdumyzyň has-da gözelleşmegi, şäherlerimiziň we obalarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi suwuň bolçulygynyň hem-de netijeli ulanylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mejlisiň ahyrynda suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň Teswirnamasyna gol çekildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň sammiti Gyrgyzystanda geçiriler

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri