TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat desgasy gurlar

Türkmenistan bilen Gazagystan türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat desgasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R. Meredow, E.Orazgeldiýew we Ç.Gylyjow halkara hyzmatdaşlygy babatda hasabat berdiler.

Wise-premýer Orazgeldiýew häzirki döwürde hökümetara türkmen-gazak toparynyň teklibi hem-de oňa laýyklykda ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat desgasynyň guruljak ýerini kesgitlemek we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Gazagystanyň Hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak baradaky teklibi barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere bu teklipden gelip çykýan wezipeleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde teklip edilýän senagat toplumyny gurmak üçin ähli zerur düzümler, şol sanda awtomobil we demirýollary bar.

Milli Liderimiz goňşy ýurduň önümçilik desgasynyň gurluşyk işlerine girişmek baglanyşykly meseleleri degişli tarap bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti ýurdumyzda saparda bolupdy.

 

Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle