BIZNES

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ döredildi

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de maýa goýum işjeňligini berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde çykyş etmäge ygtyýar bermek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Täze düzümiň öz üstüne ýüklenen borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan degişli ygtyýarnamanyň kanunçylykda bellenen tertipde berilmegi teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we netijeli özleşdirilişini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

 

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryna serediler

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy