JEMGYÝET

Türkmen Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk işewürleri bilen duşuşdy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­gy, Po­li­meks In­şa­at Taahhüt ve Sa­nayi Ticaret A.Ş.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Erol Ta­ban­ja­ny hem-de “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di.

Işe­würler du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Tür­ki­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň ägirt uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ta eýe bo­lan hem-de oňyn hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy.

“Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­k bilen geçirilen du­şu­şy­gyň bar­şyn­da dür­li ul­gam­lar­da, hu­su­san-da, elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gyn­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýan “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Işe­wür kom­pa­ni­ýa yna­ny­lan des­ga­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­di.

Erol Ta­ban­ja bolsa, öz gezeginde “Po­li­meks” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­gi özi üçin belent hor­mat saý­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bi­le­lik­dä­ki tä­ze tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Erman Ylyjak bilen bolan duşuşykda öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Er­man Yly­jak dür­li mak­sat­ly dü­züm­le­ýin des­ga­la­ry gur­mak bo­ýun­ça kom­pa­ni­ýa yna­ny­lan tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ry­ly­şy ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ha­bar ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­me­giň hem-de äh­li iş­le­ri şert­na­ma­lar­da bel­le­ni­len möh­let­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

 

Putin Aşgabatda birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy