SPORT

Türkmen küştçüsine grossmeýster derejesi berildi

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) türkmenistanly küştçi Meýlis Annaberdiýewe grossmeýster derejesini berdi. Bu karara FIDE-niň aprel aýynda Abu-Dabide geçirilen mejlisinde gelindi.

Küştçi grossmeýsterlige hukuk berýän 2500 utuklyk reýting çäginden geçdi. Häzir 37 ýaşly ildeşimiziň 2507 utugy bar. Şunda Annaberdiýewiň soňky gatnaşan ýaryşlarynyň heniz hasaba goşulmandygyny hem aýtmak gerek. Şeýlelikde, ol türkmenistanly küştçüleriň arasynda iň uly reýting utugynyň eýesidir.

Meýlis Annaberdiýew halkara ýaryşlaryň birnäçesiniň baýrakly orunlarynyň eýesidir. Şol sanda ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň birnäçe gezek çempionydyr. Meýlis meşhur küştçüler maşgalasyndan bolup, ilkinji tälimleri kakasy, FIDE-niň ussady Baýram Annaberdiýewden we agasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewden aldy.

Ýeri gelende aýtsak, küşt dünýäsinde türkmenistanly grossmeýsterleriň sany 7-ä ýetdi. Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda ildeşlerimiziň Hindistanda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu ýaryşda görkeziljek netije küştçüleriň reýtingine täsirini ýetirer.

Iň ýakyn geljekde bolsa akyl-paýhas oýny boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilip, onda Bütindünýä küşt olimpiadasynda ýaryşjak milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitleniler.

 

Norwegiýanyň Patyşasy Harald V gutlag haty

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary bassyr ikinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy

Er-Riýaddaky boks tutluşygy: Beterbiýew absolýut çempion boldy

Şu gün Er-Riýadda ýylyň “boks” tutluşygy bolar

Ata Watan Eserleri

Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysyna tälim berip biler

Ýurgen Kloppa täze wezipe berildi

Inýesta futbol bilen hoşlaşdy