DÜNÝÄ

Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda ýaşlar syýasaty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça kabul edilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň guraýan çärelerine we duşuşyklaryna gatnaşmak arkaly ýaşlar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden hem-de höweslendirmekden ybaratdyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Täze resminamada ýaşlary, ýaşlar guramalarynyň wekillerini we ýaşlaryň syýasatyny alyp barýan döwlet işgärlerini özara alyş-çalyş etmek; ýaşlar işleri boýunça iki döwletiň çäklerinde guralýan halkara maslahatlara we seminarlara gatnaşygy giňeltmek; bu ugurda tejribeleri we filmleri alyş-çalyş etmek; iki döwletiň çäklerinde geçirilýän ýaşlaryň festiwallaryna gatnaşmak ýaly anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2010-njy ýylda açylan kafedra arkaly türkmen talyplary indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri hindi dilini öwrenýärler. Ynsanperwer ulgamda Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga hem uly orun degişlidir. Bularyň ählisi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýakyndan ýardam berýär.

 

Iki ýurduň Liderleri metbugat wekillerine ýüzlendiler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Çilimi gadagan eden ilkinji ýurt

Ata Watan Eserleri

Afrika Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri

Germaniýada Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri: 12 ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi