JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Donald Trampa gutlag hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Donald Trampa ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hususan-da bu Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Biz Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýlek-de ösdüriljekdigine ynanýarys.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Related posts

Türkmenistan’da Mali Denetim Kurulu oluşturuldu

vepa

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Täze gar fotosuratlary: Aşgabadyň ilkinji gary

Ata Watan Eserleri