JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň barşynda Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine baryp, Arkadag şäherinde aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ähli ugurda bolşy ýaly, ulag we aragatnaşyk ulgamynda döwür bilen aýakdaş bolmak häzirki zamanyň möhüm talabydyr.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Arkadag şäherinde synag görnüşinde gurnalan “4G+” ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata bermegini türkmen halkynyň Milli Liderinden haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “4G+” internet tehnologiýasynyň işine ak pata berdi.

“4G+” internet tehnologiýasy “4G” internet ulgamynyň täzelenen görnüşidir. Bu tehnologiýa internet ulgamynyň tizligini 2 esse artdyryp, 150 Mbit/s-den 300 Mbit/s ýetirmäge mümkinçilik berýär. Üç diapazonly “4G+” internet tehnologiýasy bolsa, internetiň tizligini 300 Mbit/s hem ýokary ýetirmek mümkinçiligine eýedir.

Umuman, “4G+” internet tehnologiýasy “LTE-A”, “LTE-Advanced” ýa-da “4.5G” ady bilen hem tanalyp, “4G” internet tehnologiýasynyň has çaltlandyrylan görnüşidir.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri