DÜNÝÄ

Türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçiriler

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 5-nji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.  Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň bu toparyň işine hil taýdan täze itergi berendigi bellenildi.

Dürli pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly bu toparyň 5-nji mejlisini geçirmek teklip edilýär. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Related posts

Koronowirusyň Ýewropadaky merkezi rahatlaýar  

Milletvekili Adayların yüzde 26’si kadın

vepa

Terhi Hakala: Türkmenistan strategik hyzmatdaşymyz

Ata Watan Eserleri