JEMGYÝET

Türkmen gazyny Gazagystana ibermek boýunça ylalaşyklar gazanyldy

Türkmenistanyň tebigy gazyny Gazagystan Respublikasyna ibermek boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň arasynda geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli türkmen-gazagystan gatnaşyklarynyň işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Şeýlelikde, türkmen gazyny Gazagystana ibermek boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Gazagystan tarapy ýurdumyzyň çäginde galla terminalyny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentine hat iberip, şol hatynda hem Türkmenistan bilen tebigy gaz ulgamynda, şeýle hem türkmen-owgan serhedinde galla terminalyny gurmak boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, bu taslamalar boýunça gepleşikler geçirmek üçin Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň Türkmenistana sapary iberilendigini hem belläp geçdi.

 

Eýran türkmen gazyny Ermenistana ibermäge taýýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

Daşoguz şäherine täze häkim bellendi

Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistana geler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlady