SPORT

Türkmen agyr atletikaçylar 20 medal gazandy

Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçen Aziýanyň çempionatynda jemi 20 medala mynasyp boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa, Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew, «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarow we Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülälek Kakamyradowa dagy bu ýaryşda dürli derejeli medallary gazandylar.

Çempionatyň soňky günlerinde ýygyndymyzyň ýene üç medalyny Surajbek Sapaýew gazandy. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy ýetginjekleriň arasynda 96 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy. Alty synanyşygynyň üçüsini üstünlikli amala aşyran ýaş türgen ştangany silterläp götermekde 135 kilogramlyk agyrlyga ýetip, bu görnüşde bürünç, iteklemekde 159 kilogram agyrlygy eýgerip, kümüş, iki görnüşiň jeminde bolsa (294 kilogram) kümüş medaly gazandy.

Anamjan Rüstemowa bolsa birbada iki ýaş derejesinde (hem ýetginjekler, hem ýaşlar) Aziýanyň wise-çempiony bolmagy başardy. Aşgabatdaky «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.

Ýaryşda alty medala eýe bolan Anamjan ýetginjekleriň ýaryşynda üç kümüş, ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa iki kümüş we bir bürünç medal gazandy. Has takygy, geljegine uly ynam bildirilýän agyr atletikaçy gyz iki görnüşiň jemi boýunça 201 kilogramlyk sepgide ýetdi. Şunda onuň silterlemekde 88, itekläp galdyrmakda bolsa 113 kilogram agyrlygy göterendigini bellemek gerek.

 

Dzýudo boýunça Aziýa çempionaty Gazagystanda geçiriler

Ýene-de okaň

Asyryň boks tutluşygy: Fýuri-Usik duşuşýar

Ata Watan Eserleri

Ronaldodan özboluşly rekord

Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

Türkmen türgeni Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi