SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede çäklendirmeler gowşadylýar

Türkiýe Respublikasynda koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen çäklendirmeler kem-kemden gowşadylýar. Ýurduň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu babatda degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisden soňra metbugat ýygnagyny gurnan Prezident Ärdogan çäklendirmeleriň ýatyrylmagy babatda habarçylara beýanat berdi.

1-nji iýuldan soňra ýurduň adaty durmuşa dolanmagyna garaşylýar.

Şoňa laýyklyda:

  • Hepdäniň dowamynda 22:00-05:00-da, hepdäniň ahyrynda şenbe güni 22:00-dan duşenbe güni 05:00-a çenli bolan köçä çykmak gadagnalygy 1-nji iýuldan ýatyrylýar.
  • Köpçülikleýin jemgyýetçilik ulaglarynda ýaş çäklendirme düzgüni ýatyryldy. Ozal, 65 we şondan uly ýaşly hem-de 18 ýaşdan kiçi raýatlar şäher içinde köpçülikleiýn jemgyýetçilik ulaglaryndan (metro, awtobus) ýaly ulaglardan peýdalanyp bilmeýärdi.
  • Şäherara gatnawlarda hem ýaş çäklendirmesi 1-nji iýuldan ýatyrylýar.
  • Restoran, kafe we güýmenje merkezlerinde aýdym-saz aýtdyrmaga sagat 00:00-a çenli rugsat berildi.
  • 1-nji iýuldan başlap, döwlet edaralarynda adaty iş düzgünine geçilýär.

 

Ýewro-2020: 22-nji iýunyň duşuşyklary

Ýene-de okaň

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar