TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe: iň köp haýsy ýurduň syýahatçylary dynç alýar?

Türkiýe Respublikasynyň syýahatçylyk mekanlary, hususan-da, deňiz kenarlary daşary ýurtly syýahatçylary özüne bendi edýär. Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň habaryna görä, Türkiýede iň köp dynç alýan syýahatçylar rus jahankeşdeler boldy.

Şu ýylyň başyndan bäri 1,5 million rus syýahatçysy Türkiýä geldi. Pandemiýa sebäpli uzak wagtlap dowam eden uçar gatnawlaryndaky çäklendirme syýahatçylaryň sanyna öz täsirini ýetirdi.

Iýun aýynyň ahyrynda täzeden ýola goýlan uçar gatnawlaryndan soňra syýahatçy akymy artdy. Diňe iýul aýynda Türkiýede 800 müň rus syýahatçysy dynç aldy. Türkiýede dynç alan syýahatçylaryň sanawynda ikinji orny Germaniýa, üçünji orny bolsa Ukraina eýeledi.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan ýedi aýlyk döwürde jemi 11,9 million, şolardan 10,1 milliony daşary ýurtly we 1.8-si daşary ýurtda ýaşaýan türk raýatlary Türkiýede dynç aldylar.

 

24-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle