SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe hem “Sputnik V” sanjymyny ulanmakçy

Russiýanyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymyny Türkiýe Respublikasy hem ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja belläp geçdi.

– Ýurtda sanjym etmek işleri dowam edýär. Remezan aýy mynasybetli sanjym işi gowşandygyna garamazdan, doly güýjünde alnyp barylýar. Ýakyn wagtda “Sputnik V” sanjymyny hem ulanyp başlarys – diýip, ministr belläp geçdi.

Russiýanyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymynyň täsirlilik derejesiniň soňky maglumatlara görä 97.6 göterime barabar bolandygy aýdylýar. Bu babatda bu sanjymy alan 3,8 million adamdan alnan nusgalar öwrenilip, şeýle netije gelindi.

Şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hem-de Ýewropanyň Derman gullugynyň wekilleri maý hem-de iýun aýlarynda Russiýanyň “Covid-19” -a garşy işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymynyň öndürilýän laboratoriýalaryny gözden geçirmegi meýilleşdirýär.

Dünýäde ilkinji bolup hasaba alnan koronawirusy garşy sanjym hasap edilýän “Sputnik V” şu wagta çenli dünýäniň 60 ýurdunda gyssagly ulanmak üçin bellige alyndy.

Ibragimowiç “Milan” bilen ÅŸertnama baglaÅŸdy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar