BILIM

Türkiýäniň uniwersitetlerinde okuwlar nähili alnyp barlar?

Ýokary bilim geňeşiniň ýolbaşçysy Erol Özwer koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly öňüni alyş çäreleri babatda degişli çözgütleri kabul edýän Bilim geňeşiniň mejlisinden soňra eden çykyşynda täze okuw ýylynda uniwersitetleriň bilim bermegiň ulgamy hakynda maglumat berdi.

Şoňa laýyklykda, gibrid ulgamynda ýüzbe-ýüz bilim bermegiň usulynyň ýola goýuljakdygy hem-de onlaýn tertipde okuwlaryň dowam etdiriljekdigi mälim edildi.

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi Saglyk ministrliginiň hem-de Bilim geňeşiniň maslahatlaryň çäklerinde pandemiýa şertleriniň nähili ýagdaýda dowam etjekdigine çak etmegiň mümkin bolmaýandygy sebäpli ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň dowam etdirilmegi babatda degişli kararlar kabul etdi.

Uniwersitelerde talyplaryň gatnaşmagynda okuwlaryň dowam etdirilmegi üçin degişli çäreler göz öňünde tutuldy. Munuň üçin ähli uniwersitetler üçin görkezme taýýarlandy. Ýokary bilim geňeşi talyplaryň gatnaşmagynda bilim bermegiň dowam etdirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Gibrid ulgamyny amala aşyrmak bilen käbir dersler onlaýn tertipde, käbiri bolsa talyplaryň gatnaşmagynda ýola goýlar. Şonuň üçin uniwersitetler haýsy dersleriň onlaýn we haýsy dersleriň talyplaryň gatnaşmagynda geçirmek babatda degişli çözgütler kabul etdi.

Ýokary bilim geňeşiniň ýolbaşçysy Erol Özwer talyplary sanjym bolmaga çagyrdy. Ol dersleriň okuw binalarynda gurnalmagy üçin sanjym bolmagyň möhüm bolup durýandygyny belledi. Şonuň üçin talyplara sanjym bolmagy maslahat berdi.

Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegi dowam etdirmek üçin käte çeýe kararlar kabul etmek göz öňünde tutulýar. 1,5 ýyldan soňra uniwersitetler talyplary kabul etmäge taýýardygy bellenildi. Ýöne ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň dowam etdirilmegi üçin koronawirus ýokanjyna garşy öňüni alyş çäreleriň berjaý edilmeginiň zerur bolup durýandygy bellenildi.

Gidrid okatmagyň usuly – hem talyplaryň gatnaşmagynda hem-de onlaýn tertipde bilim bermegiň utgaşdyrylan görnüşidir.

 

Italiýa dünýä rekordyny gaýtalady

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty