DÜNÝÄ

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana gelýär

Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Mehmet Muş Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligi habar berýär. Bu saparyň 25-nji fewralda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Mehmet Muş Türkmenistandaky saparynyň çäklerinde birnäçe gepleşikler geçirer. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli amala aşyryljak bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary bilen bir hatarda maýa goýum we potratçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 53 göterim artyp, 1,7 milliard dollara deň boldy. Hasabat döwründe Türkiýäniň Türkmenistana eksporty 985 million dollar, Türkmenistanyň Türkiýä eksporty bolsa 711 million dollara deňeçer boldy.

Türk potratçylyk kompaniýalary häzirki wagta çenli Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard dollar möçberinde 1061 taslamany ýerine ýetirdiler.

 

 

Lawrow: Hazar sammitinde resminamalaryň “gowy bukjasy” kabul ediler

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň birinji parlamentara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär

Günorta Koreýanyň intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi şagyzy Takamado bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň ABŞ-a hünär alyş-çalyş okuw sapary

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

«Artyk» hem-de «Garabogaz» gümrük nokatlary döwrebaplaşdyryldy