DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidentinden milli Liderimize gutlag

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimize Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Onda hususan-da şeýle diýilýär:

Türk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny doganlygy we parahatçylygy, jebisligi we agzybirligi alamatlandyrýan hem-de biziň umumy gadymy müňýyllyk däplerimiziň we dessurlarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan baharyň we täzelenişiň buşlukçysy bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bütin adamzady parahatçylyga, söýgä we doganlyga çagyrýan Nowruz baýramy hemme ýerde giňden we dabaraly bellenilýär.

Nowruzyň biziň ýurtlarymyza we sebitimize bolşy ýaly, bütin dünýä hem saglyk we abadançylyk, parahatçylyk we rowaçlyk getirmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!

 

Oliç SSKA toparynyň täze tälimçisi bolar

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türki Döwletleriň Guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Pakistanyň Deňiz ministrligine bardylar

Türkmenistanyň ilçisi “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

“Greencard” loteriýasyna gatnaşmak tölegli bolar

Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy YHG-nyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy