TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti iýun-iýul aýlarynda Türkmenistana sapar bilen geler

Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolýan Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi. Bu gepleşiklerden soňra metbugata ýüzlenen türk ministri Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana saparyny iýun-iýul aýlarynda amala aşyrmagyň meýilleşdirilýändigini belledi.  Bu barada türk ministriniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky wideoýazgysynda bellenilip geçilýär.

Bu wideoýazgyda hususan-da şeýle diýilýär.

– Türkmenistan bilen Türkiýe iki dogan ýurt. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardan gaty hoşaldyrys. Gatnaşyklarymyzy has ýokary derejelere ýetirmek isleýäris. Bu babatda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen has köp işlemegi göz öňünde tutýarys. Hormatly Prezident Türkiýäniň Prezidenti bilen bolan söhbetdeşliginde Türkiýäniň Prezidentini Türkmenistana çagyrdy.

Bu saparyň wagty bilen baglanşykly Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Türkiýä amala aşyran saparynda ara alyp maslahatlaşdyk. Şu gün täzeden seretdik. Bu sapary iýun-iýul aýlarynda amala aşyrmagy meýilleşdirýäris. Şeýle hem şol döwürde Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan üçtaraplaýyn ýokary derejedäki duşuşygy hem gurnamagy göz öňünde tutýarys. Bu ýokary derejedäki duşuşyklarda möhüm ylalaşyklara gol çekiler.

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygyny kabul etdi. 28-nji noýabrda bu guramanyň ýokary derejedäki duşuşygy geçiriler.

Şu ýyl Türk geňeşiniň ýokary derejedäki duşuşygyny gurnap, onuň başlyklygyny Azerbaýjandan kabul edip alarys. Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini bu sammite hem çagyrdy.

Ýagny. Üstümizdäki ýylda köp sanly ýokary derejede duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Bu duşuşyklaryň has netijeli bolmagy üçin tagalla edýäris. Gol çekiljek ylalaşyklar bilen bir hatarda ýol kartasyny hem düzmek babatda gepleşikler geçirdik .

Bu saparymyzyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti ulag, logistika, Türkiýäniň ýük ulaglary babatda garaýyşlaryny mälim etdi we bize bu barada degişli tabşyryklar berdi. Bu ugurda işleri alyp bararys. Umuman, sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak üçin gowy mümkinçilikler bar.

Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistanda

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Teswirle