TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkiýäniň milli ýygyndysyna 46-njy tälimçi bellendi

Türkiýäniň Futbol Federasiýasynyň ýolbaşçysy Nihat Özdemir we milli toparlaryň dolandyryjysy Hamit Altyntop, Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze tälimçisi Stefan Kuntz üçin gol çekişlik dabarasyny gurnady.

Şeýlelikde, Stefan Kuntz 98 ýyllyk taryhy bolan Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 46-njy tälimçisi boldy. Mundan ozal, Türkiýäniň ýygyndysy 26 türk, 19 daşary ýurtly tälimçi tälimçilige bellendi. Şol döwürde milli ýygyndy 598 duşuşykda oýnady.

Stefan Kuntz Türkiýäniň milli ýygyndysynyň ikinji german tälimçisidir. Mundan ozal, Sepp Piontek milli ýygynda tälim beripdi.

Germaniýaly tälimçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Her şertnamada bolşy ýaly, bu şertnamada öwez tölegi maddasy bar. Türkiýäniň milli ýygyndysynyň ozalky tälimçisi Şenol Güneş üçin hem öwez töleginiň möçberi boýunça ylalaşyl gazanyldy.

Germaniýaly tälimçi ozal Germaniýanyň 21 ýaşa çenli milli ýygyndysyna tälim berýärdi. Şol tälimçilik döwründe soňky 5 ýylda uly üstünlikler gazandy.

Täze tälimçi Stefan Kuntz Türkiýäniň milli ýygyndysy bilen oktýabr aýynda ilkinji resmi duşuşygyna çykar. Türkiýäniň ýygyndysynyň öňündäki esasy maksat – futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmaktan ybarat.

Germaniýaly tälimçi türk futbolyny ýakyndan tanaýar. Ol 1995-1996-njy ýyllarda Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynyň düzüminde futbolçy hökmünde çykyş etdi. Onuň şol döwürde bilelikde oýnan futbolçy ýoldaşy Sergen Ýalçyn häzirki wagtda “Beşiktaş” toparynyň tälimçisidir.

Türkiýänyň milli ýygyndysy Fatih Terimiň baştutanlygynda iň köp duşuşykda oýnady we Terimiň tälimçiliginde iň köp ýeňiş gazandy. Fatih Terim 1990, 1993-1996, 2005-2009 we 2013-2017-nji ýyllarda tälimçi bolupdy we ýygyndy şol döwürde geçiren 135 duşuşygynyň 70-sinde ýeňiş gazanypdy.

 

 

Çagalar üçin sözlük rus dilinde: “Makul Sözlük”

 

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle