DÜNÝÄ

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk ýatlanyldy

Türkiýe Respublikasynda türk döwletini esaslandyran Mustafa Kemal Atatürküň aradan çykmagynyň 83 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Her ýylyň 10-njy noýabrynda türk halky özüniň ilkinji Prezidenti we esaslandyryjysy Atatürküň aradan çykan gününi belläp geçýär.

Türkiýäniň wagty bilen 09:05-de ýurduň raýatlary 1 minutlyk dymyşlyk yglan edýärler. Ýurduň ähli ýerlerinde, köçelerde hereket durup, adamlar ýurduň ilkinji Prezidentini 1 minutlyk dymyşlyk bilen ýatlap geçýärler.

Ýurduň ýolbaşçy düzümi bolsa, Mustafa Kemal Atatürküň jaýlanan ýeri bolan Anytkabir ýagygärlik toplumyna gelip, gül desselerini goýdular.

Mustafa Kemal Atatürk 1881-nji ýylda dünýä indi. Doglan aýy we güni barada takyk maglumat ýok. Şeýle-de bolsa, resmi çeşmelerde Atatürkiň 19-njy maýy doglan güni hökmünde kabul edendigi aýdylýar.

1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda respublikanyň yglan edilmeginden soň prezident saýlandy. 1938-nji ýylda aradan çykýança dört möhlet işledi we Türkiýäniň iň uzak wagtlap prezident wezipesinde işlän ýolbaşçysy boldy.

 

Russiýada sanjymy hökmany etmek teklip edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»