SPORT

Türkiýäniň çempiony – “Beşiktaş”

Türkiýäniň futbol boýunça milli çempionaty hem tamamlandy. 2020-2021-nji möwsümiň çempiony “Beşiktaş” topary boldy. Sergen Ýalçyn 1991-/92, 1994/95 hem-de 2002/03-nji ýyllarda bu toparyň düzüminde futbolçy hökmünde çempion bolan bolsa, indi toparyň tälimçisi hökmünde çempion bolmagy başardy.

Üstümizdäki ýylda Türkiýäniň futbol çempionatynda çempion soňky tapgyra çenli belli bolmady. Esasan hem “Beşiktaş”, “Galatasaraý” hem-de “Fenerbahçe” toparlarynyň çempion bolmak mümkinçiligi bardy.

Soňky tapgyrda “Beşiktaş” topary “Göztepe” toparyny 2:1 hasabynda utup, çempion bolmagy başardy. Ikinji orundaky “Galatasaraý” toparynyň hem “Beşiktaş” topary bilen deň, ýagny 84 utuk toplandygyna garamazdan, käbir görkezijiler boýunça ikinji orunda galdy. “Fenerbahçe” topary bolsa, üçünji orny eýeledi.

“Beşiktaş” topary 2016/17-nji möwsümden soňra çempion bolmagy başardy we umumylykdaky 21-nji çempionlygyny gazandy.

 

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny eýeledi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Milletler kubogy ýaryşyna gatnaşýar

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi