SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýä «Sputnik V» waksinasyny öndürmäge rugsat berildi

Russiýanyň koronowirus pandemiýasyna garşy işläp taýýarlan «Sputnik V» waksinasyny Türkiýede öndürmek üçin degişli rugsatnama berildi. Şeýlelikde, Türkiýede öndüriljek rus waksinasynyň bir bejergisiniň bahasy 10 dollar möçberinde bolar.

«Sputnik V»-niň önümçiligi arkaly Türkiýäniň hökümeti waksina meselesinde daşary ýurtlara garaşlylygyny azaltmagy meýilleşdirýär.

Mundan ozal Türkiýe bilen Russiýa bu önümçilik üçin deslapky ylalaşyga gelipdiler. Häzir bolsa waksinany öndürmäge doly rugsat berildi. Rus tarapy Türkiýä wekilçilik edýän derman serişdeleri kompaniýasynyň işi bilen doly tanyşdy we degişli rugsatnamany berdi.

Türkiýäniň «Ýeni Şafak» gazetinde berilýän habara görä, waksinanyň iki sanymynyň bahasy 10 dollara barabar bolar. Bu bolsa Hytaýdan her biri 10-11 dollardan satyn alnan «Sinovac» waksinasynyň bahasy bilen deňeçerdir. Bahalar deňeçer görünse-de, waksinanyň Türkiýäniň özünde öndüriljekdigi üçin ep-esli ýeňilligiň bolmagyna umyt bildirilýär.

Indi Türkiýe ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan rugsat berlen «Pfizer/BioNTech» waksinasynyň önümçiligi üçin ýüz tutýar.

 

Açyk gapylar : Türkmen milli dünýä dilleri instituty

 

 

Ýene-de okaň

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar