JEMGYÝET

Türkiýä pasportsyz syýahat mümkinçiligi

Türkiýe Respublikasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda iki ýurduň raýatlarynyň ikitaraplaýyn esasda saparlarda şahsyýetnama mümkinçiliginiň ykrar edilmegi babatdaky teswirnama 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girýär. Munuň netijesinde, Azerbaýjanyň raýatlary Türkiýä pasportsyz syýahat etmek mümkinçiligine eýe bolýar.

Bu ugurda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi degişli beýanat çap etdi. Şol beýanatda 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkiýe Respublikasynyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda şahsyýetnama bilen syýahat etmek teswirnamanyň içerki tassyklama işleri her iki ýurtda hem tamamlanandygy mälim edilýär. Bu ähtnama 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde güýje girýär.

Şeýlelik bilen, iki ýurduň raýatlary, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda pasport zerurlygy bolmazdan, diňe şahsyýetnamanyň täze görnüşini görkezmek arkaly syýahat edip bilerler.

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap durmuşa geçiriljek täze düzgün, “iki döwlet, bir millet” ýörelgesi esasynda ýurtlaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigi mälim edilýär.

 

Şäherara we welaýatara awtobus ugurlary boýunça nobatdaky täzelik

 

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy