TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň futbol bäsleşigi

Türkiýe Respublikasynda döredilen Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti özüniň ilkinji köpçülikleýin çäresini gurady. Bu çärä Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2 gezek ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna bagyşlandy. Her ýyly 12-nji dekbarynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Stambul şäherinde futbol bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti  bu şanly baýramçylyk mynasybetli “Esenpet Arena” sport merkezinde “Atawatan futbol bäsleşigi” atly sport çäresini gurady. Oňa Türkiýe Respublikasynda okaýan we ýaşan türkmenistanlylar uly höwes bilen gatnaşdylar. Olaryň gatnaşmagynda gyzykly geçen bäsleşikde 16 topar döredildi. Bäsleşigiň ilkinji duşuşygy Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Av.Dr. Döwran Orazgylyjowyň pökgä urgusy bilen başlady.

DOST-DOGANLYGY JEBISLENDIREN BÄSLEŞIK

Bäsleşik 4 toparça 16 toparyň gatnaşmagynda geçirildi. Jemi 24 duşuşyk geçirilip, duşuşyklar saýlama oýunlaryndan başlady. Saýlama duşuşyklarynyň netijesinde, 8 topar çärýek finala çykyp, takmynan, 180 futbolçynyň gyzykly bäsleşigini tomaşa etmäge gelen futbol janköýerleriniň arasynda hem özboluşly joşgun peýda boldy. Çärýek duşuşyklarynyň ahyrynda “Goşun” we “Saglyk” topary bäsleşikde 3-nji orny eýelemek üçin özara duşuşmaga hukuk gazandy. “Dostluk” we “Wodnik” topary bolsa baş baýragy almak üçin bäsleşdiler.

“Goşun” we “Saglyk” toparlarynyň duşuşygy deňme-deň tamamlanyp, her iki topar hem üçünji dýilip yglan edildi.

“WODNIK” ÇEMPION

Bäsleşigiň jemleýji duşuşygy örän çekeleşikli boldy. “Dostluk” we “Wodnik” toparlarynyň final bäsleşigi Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň köpçülikleýin sport çäreleriniň ilkinjisiniň naýbaşy wakasyna öwrüldi. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda “Wodnik” topary garşydaşyny 4-1 hasap bilen ýeňip, “Atawatan Kubogynyň” eýesi boldy.

ÝEÑIJILER SYLAGLANDY

Final bäsleşiginden soňra baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türkiýe Respublikasynda bilim alýan, Baha diýen aýdymçy bilen bilelikde birnäçe aýdymlary ýerine ýetiren türkmenistanly aýdymçy, Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň Dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Çynara we jemgyýetiň ýolbaçy düzüminiň gatnaşmagynda ýeňiji bolan topara “Atawatan Kubogy” gowşuryldy. Toparyň oýunçylaryna altyn medal, şahadatnama we 1500 türk lirays pul baýragy berildi.

Dabarada ikinji orny eýelän topara 1000 türk lirasy pul baýragy we gümüş medal we şahadatnamalar, üçnji bolan toparyň her birine 500 türk lirasy pul baýraklary, bürünç medallar we şahadatnamalar berildi. Şeýle hem baýrakly orunlary eýelän toparlaryň futbolçylaryna “Atavatan Danışmanlık Eğitim ve Tercüme LTD” şereketiniň ýadygärlik sowgatlary gowşyryldy.

Bu sport bäsleşiginiň guralmagyna “PSP Mühendislik” we “Makul Hyzmat Tercüme Bürosu” ýolbaşçylaryna minnetdarlyk nyşanlary gowşuryldy. Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Av.Dr. Döwran Orazgylyjow jemgyýetiň işine goşanýan goşandy üçin Çynara minnetdarlyk nyşany berdi. Mundan başga-da, bu bäsleşigiň ýokary derejede guralmagyna goşant goşan emin agzalaryna, işgärlere we beýleki ygtyýarlylara minnetdarlyk nyşanlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda myhmanlara we bäsleşige gatnaşyjylara türkmen halkynyň milli tagamy palow hödür edildi.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle