TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Transfer döwri ýapyldy: Grizmann “Atletiko” dolandy

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary boýunça futbolçylary satyn almak, kärendesine almak döwri resmi taýdna ýapyldy. Ýagny, tomus möwsüminiň transfer döwri tamamlandy.

Bu transfer döwri gyzykly wakalary özünde jemledi.

MESSI BILEN RONALDO BAŞGA TOPARLARA GEÇDI

Dünýäniň iki güýçli futbolçysy hasaplanýan Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldo başga toparlara geçdi. “Barselona” toparyndan başga toparda oýnamagy göz öňünde tutmadyk Lionel Messi üçin hem garaşylmadyk wakalar peýda boldy. Şoňa laýyklykda, Messi “PSŽ” toparyna geçdi. Italiýanyň “Ýuwentus” toparynda garaşan üstünliklerine ýetip bilmedik Kristiano Ronaldo hem 12 ýyldan soňra özüni meşhur eden Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna gaýdyp geldi.

GRIZZMAN “ATLETIKO MADRIDE” DOLANDY

Ispaniýanyň “Barselona” toparyna “Atletiko Madrid” toparyndan gelen Antuan Grizzman ýene-de ozalky toparyna dolandy. “Atletiko” topary ozalky futbolçysyny satyn almak şerti bilen bir möwsümlik kärendesine aldy. Grizmanna täze toparynda 10 million ýewro tölener. Satyn almagyň bahays bolsa 40 million ýewro göz öňünde tutulýar.

2019-njy ýylda “Barselona” topary Grizmanny120 million ýewro satyn alypdy.

TRANSFER MÖWSÜMINIŇ BEÝLEKI TRANSFERLERI

  • Angliýanyň “Çelsi” topary Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparynyň futbolçysy Saul Nigesi kärendesine aldy.
  • Ispaniýanyň “Barselona” topary “Sewilýa” toparyndaky Lýuk de Ýongy satyn almak şerti bilen kärendesine aldy.
  • Russiýanyň SSKA toparynyň futbolçysy Nikola Wlasiç Angliýanyň “West Hem” toparyna geçdi. 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşyldy.
  • Ispaniýanyň “Real Madrid” topary Fransiýanyň “Renn” topary 18 ýaşyndaky Eduardo Kamawingany satyn aldy. Şertnamanyň möhleti 2027-nji ýyla çenlidir.
  • Russiýanyň “Spartak” toparynyň futbolçysy Aleks Kral “West Hem” toparyna kärendesine berildi.
  • Meýze Kin “Ýuwentus” toparyna dolandy.
  • Den Jeýms “Mançester Ýunaýtedden” “Lids” toparyna geçdi.
  • “Barselonadaky” Emerson Roýal Angliýanyň “Tottenhem” toparyna geçdi.
  • “Arsenaldaky” Ektor Bellerin Ispaniýanyň “Betis” toparyna bir möwsümlik karendesine berildi.

 

Ronaldo resmi taýdan “Mançester Ýunaýted” toparyna geçdi

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle