TEHNOLOGIÝA

Trampyň jemgyýetçilik tory işläp başlaýar

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň başlangyjy bilen döredilýän “Truht” atly  täze jemgyýetçilik tory fewral aýynyň ikinji ýarymynda işläp başlar. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär.

“Truth” jemgyýetçilik tory 21-nji fewralda işläp başlaýar. Şol gün ABŞ-nyň ştatlarynda ýurduň Prezidentleriniň güni bellenýär. Jemgyýetçilik torunyň goşundylarynda tekst we surat çap etmek, wideo ýazgylaryň hem-de makalalaryň salgylaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik dörediler.

Trampyň döreden “Trump Media & Technology Group” media kompaniýasy Silikon jülgesindäki tehnologik kompaniýalar bilen bäsleşer.

Bir ýyl mundan ozal, Trampyň “Twitter”, “Facebook”, “Instagram”, “YouTube” we beýleki jemgyýetçilik torlary doňdurylypdy. Şondna soňra Tramp özüniň jemgyýetçilik toruny döretmegi meýilleşdiripdi.

 

7-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Related posts

“Mi 11 Pro” we “Mi 11 Ultra” akylly telefonlary tanyşdyryldy

“Samsung” täze tehnologiýalaryny görkezer

“Twitter” toruny iň köp ulanýan döwletler

Ata Watan Eserleri