GENEL

Üstünlik gazanmak üçin ruhlanmak gerek

Häzir meniň gyz jigim höwes eden lukman käriniň birinji ýyl talyby. Gidip görmegi arzuw eden Rumyniýa ýaly döwletinde bilim alýar. Ol ýanymda däl welin, maňa bir zat ýetmeýän ýaly. Ýöne oňa seretmezden, men ony bildiremok. Hiç bir zadyň aladasyny etmän, söýgüli käriniň eýesi bolup, gaýdyp gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Her sapar internet arkaly habarlaşanymda, ilki ýagdaýlaryny sorap, soňra özüm hakynda gürrüň berýärin.

Käwagt bolsa, göwnüni götermek üçin ýekesiremezligini isläp, her bir işe hyjuw bilen ýapyşyp, okuwyna yhlasly bolar ýaly, internet salgysyndaky bukjasyna şeýle sözlerden ybarat yzygiderli gysgajyk hatlary iberip durýaryn. Ine, şolaryň käbirleri…

Ýumurtga — ol iýmit üçin niýetlenen. Emma onuň içinde ýaşaýşyň başlaýandygyny ýadyňdan çykarma! Durmuş daşyndan kyn ýalydyr. Ýöne onuň içinde özüň durýandygyňy hem unutma. Eger-de sen özüňdäki ukyplaryň kimdir biriniň gelip açaryna garaşsaň ýalňyşarsyň. Ähli başarnyk özüňe baglydyr…

Bir adam hemme taraplaýyn näçe güýçlidigine garamazdan, ähli ýakynlarynyň aladasyny bir özi çekip bilmez. Her kim öz aladasyny özi etmäni öwrenmeli. Ol durmuşda taplanmagyň ýeke-täk ýoly. Başarnygyňa görä öwrenip, kämil bolanyňda, özüň özüňe saýasyň, bagt guşuň özi gelip, depäňe gonar. Sen deňiz bolarsyň. Derýalar gelip, saňa guýar…

Her bir ynsan özbaşdak bolup, tejribe edinmegiň tarapdary. Bu uzap barýan ýeke ýola ýagtylyk düşmez diýildigi däldir. Ondan hiç çekinme. Ene-atalar hemişe perzentleriniň ýanyny alyp, oturup bilmez. Dost-ýarlaryň hem elmydama ýanyňda bolmaz. Özbaşdaklyk «ýeke galdym» diýmek däldir.

Özbaşdaklygyň tejribesini toplan adam pikir taýdan baýdyr güýçlüdir. Nähili ýagdaýa düşendigine garamazdan, baş alyp çykmany başarar. Özi dogry netije çykaryp biler…

Gyzyksyz kär ýokdyr. Şol sanda nähili iş bolsun, tapawudy ýok. Onuň hötdesinden gelip bilmejek adam bar diýlen düşünjede ýokdur. Eger-de sen häzirki pursatda özüňdäki sustupesligi kowup başarsaň, onda wagt seniň üçin haýal geçmez. Bilip goý, kim üçin wagt çalt geçýän bolsa, diýmek, meşgullanýan işiniň netijesi bar. Şonuň üçin hem asla gahar etmegin. Hiç kim hiç zat babatynda saňa borçly däldir. Sabyrly bolup, özüňe erk edip bilmäni öwren. Wagtda üstünlik hem bardyr şowsuzlygam. Ownukçyl bolma. Giň göwünlilige berilip, belli bir zat bilen meşgullan. Yhlasly boldugyň saýy üstünligiň özi geler…

Dünýäde hiç hili hereket etmän gazanyp bolýan ýalňyz zat bar. Ol hem ahyrynda boş goýýan ýaltalyk. Düýşler hyýalbentlige, arzuwlar amal etmäge niýetlenendir. Işi bitirip bilmekde ýekeje barmagyň hem hereketi ähmiýetli bolup biler. Diýmek, elleriň, aýaklaryň, aňyňy… peýdalanyp, pikir edip gör, ynsan ogly nämeler gazanyp biler…

Ýatdan çykarmakam aýdaýyn, jigim nesip bolsa birinji okuw ýylyny basym jemleýär. Ilkinji tomusky dynç alşyna geler. Elbetde, onuň gören-eşidenleri, häzirki gündäki bagtyýar talyplygy hakynda aýdyp berjek täsirli gürrüňler entek öňde bolar…

***

Ýagşylyk megerem, bu ynsanlaryň arasyndaky iň ýakymly gatnaşykdyr. Köplenç göräýmäge ýönekeýje hasaplanýan tanyşlygyň soňy iki ojagyň ýygy-ýygydan, birek-birek bilen, gadyrly gatnaşmaklaryna sebäp bolýar. Ol söz bilen başlanan bu menziliň geljekde uzak dowam etjek mähirli ýoly bolsa gerek. Ine, bu gürreň berjek wakam hem öz talyplyk ýyllaryma degişli. Aslynda üstünlik diýen zatda köp zat jemlenýär. Gündelik etýän işleriňi şowly jemlemegiň, niýetleriňi amala aşyrmak, kynçylyga duşsaň müzzermän öňünde durup bilmek, hatda maksat-myradyňa ýetmek hem arzuwlaryň hasyl bolmagynyň üstünligidir…

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda däbe görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda makala ýazmakdyr, şygyr düzmek boýunça ýylyň-ýylyna bäsleşikler geçirilýär. Şonda men hem öz goşgularym bilen çykyş edýärdim. Meniň üçünji ýylymy tamamlamagyma iki-üç aý galanda, bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etmek üçin uniwersitete barypdym. Şonda şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Ejebaý atly gyzy bilen tanyşdym. Ol göwnaçyk, şadyýan eken. «Ynsan soraşa-soraşa…» diýleni, garaz, talyplyk döwrüdir edebiýat hakdaky söhbetimizden soň, birek-birek hakda soraşanmyz-da, men onuň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan gelendigini bildim. Biz telefon belgilerimizi alyşdyk, şol tanyşlygam meniň ýüregimde göterip ýören uly bolmadyk arzuwymyň amala aşmagyna sebäp boldy…

Bu tanyşlykdan köp wagt geçmänkä şol ýerli, bir toparda bile okaýan talyp gyzym Aşyk Aýdyňdyr beýleki är-pirleriň mekanynyň her pasylda täze bir görnüşe girişi, olara dünýäniň ähli ýerinden zyýarata gelýänler barada aýdyp beripdi. Ol gürrüňler mende şol mekana zyýarat etmek islegini has-da güýçlendiripdi.

Şeýlelik bilen biz tomusky dynç alşyň ortaky aýynda, Ejebaý bilen telefon arkaly gürrüňdeşlikde, meniň hem şol ýerlere baryp görmek arzuwymyň bardygyny eşideninden, maşgalasy bilen garaşjakdygyny aýtdy. Ilki birhili görünse-de, men «bolýar» diýip razylaşdym. Şeýdip, mamam ikimiz otla münüp ýola düşdik… Ine-de, otly gelmeli ýerine baryp ýetdi. Wagtyň irdigine garamazdan, Ejebaý bizi garşylamaga otly menziline gelipdir.

Onuň maşgalasy biziň gelerimize mähetdel, uludan saçak ýazyp garaşyp oturan ekenler. Olar etrapda iň sylanylýan mugallymlaryň maşgalasydy. Kakasy Sapargeldi aga iňlis dili mugallymy bolsa, ejesi Baýramgül gelneje türkmen dili we edebiýaty mugallymy eken. Olaryň dört gyzy bolup, ilkinji perzentlerine eneleriniň adyny dakypdyrlar. «Myhman az oturar, köp synlar» diýleni çyn, men bu bagtyýar maşgalanyň şeýle edepli gyzlary terbiýeläp ýetişdirendiklerine öz ýanymdan «berekella» diýdim. Sapargeldi aga çaý başynda maňa Nejmeddin Kubra barada gyzykly gürrüňler beripdi. Onuň aýdanlaryndan çen tutsaň, köp okandygy görnüp durdy. Şeýlelikde, ertesi irden biz ilki bilen, Aşyk Aýdyň pire, soňra Üç ýüz altmyş pirleriň ýatan ýerlerine ýene-de Nejmeddin Kubranyň aramgähine zyýarat etdik. Şeýdip meniň bu arzuwym köp wagt geçmezden hasyl boldy.

Gaýtmazymyzyň öň ýanynda, Baýramgül gelneje özleriniň talyplyk döwürleri barada gyzykly gürrüňler berip, şol ýyllarda düşen suratlaryny görkezdi. Ol geljekde biziň saýlap alan kärimize eýerip, köp okap, hünärine berlen ynsanlar bolup ýetişmegimiz barada berk sargytlar etdi. Biz iki günden soňra otla münüp Aşgabada gaýtdyk.

Mamam heniz-henizlerem bu myhmansöýer maşgalany ýatlap, olara alkyş aýdýar. Ähli musulmanlaryň zyýarata barmagy arzuwlan, mukaddes ýerine zyýarat edip aýlanmaga kömek eden Ejebaýyň ýagşylygyny hiç wagt unutmarys.

Mähriban GELENOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak