GENEL

Üstünlik – bu biziň durmuş baýdagymyz

Durmuşda ynsan her hili ýollardan geçýär we ýaşadygy saýy onuň ýaşaýyşa bolan garaýşy, pikiri, tejribesi ozalkylaryndan has parhly bolýar. Her gezekki pursatlary, başdan geçirmeleri ony durmuşda täze sahypalaryň açylmagyna we geljekki sahypalar bilen sazlaşykly gitmegine sebäp bolýar. Dünýäde näçe adam bar bolsa şonça-da häsiýet, pikir, ýol-ýörelge bardyr. Adam her bir ýolda öz möhrüni goýmak isleýär. Saýlan ýolunyň şowly çykmagy bolsa ony üstünlige getirýär. Üstünlige ýetmek üçin bolsa belli bir zat gerek diýip kesgitli aýdyp bilmeýäris, bu barada her kimiň öz pikiri bolup biler. Çünki dünýä giňişliginiň wakalaryna, pursatlaryna, bolup geçýän ähli zatlara her bir şahs ýa-da şahsyýet öz pikirini ýöredýär.

Üstünlik-bu durmuşda adamyň öňünde maksat goýmagy we şol maksadyna tarap ynam bilen ädim ätmegi.ýaşaýşyň dowamynda dürli kynçylyklardan baş alyp çykyp, olara öz ýanyndan dogry netijä gelip,  ýol -ýodasyny şuglalandyrmakdan geljege geçirmeginden ybaratdyr.

Öz pikirim, düşünjäm boýunça üstünlige men şeýle garaýaryn. Üstünlige ýetmäge şulary zerur hasaplaýaryn.

  1. Gyzyklanma we zehin.
  2. Özüňe bolan ynam.
  3. Suhangöýlük. (orator)
  4. Diňlemek we okamak.
  5. Ünslilik.
  6. Iş tejribeleriňden dogry karar almak.

Üstünligiň dowamly bolmagyny gazanmak üçin bolsa:

  1. Ata-eneňi razy etmek.
  2. Şükürli bolmak.
  3. Isleýän hünäriňi ele almak.
  4. Dost saýlamak.
  5. Durmuş ýoldaşyňy saýlamakda ýalňyşmazlyk.
  6. Çaga terbiýesinde ünsli bolmak.
  7. Seresaplylyk.

Bu sütünler adamyň durmuşda, ýaşamaga bolan höwesiniň has-da artmagyny we beýlekilere-de görelde bolmagyny kepillendirýär,  ýaşaýşyň dowamynda ähli babatda üstünlige ýetip we ony gorap bilýär.

Üstünlige tarap ymtylýan adamyň ilkinji nobatda haýsam bolsa bir zada gyzyklanmasy zehini bolmagy hökmanydyr. Gyzyklanýan zady onuň üçin has-da durmuşyna wajyp ýa-da tebigy zehinine laýyk bolup biler.  Şol menzile bolsa ol özüne bolan ynam duýgusy esasynda ädim ädip biler. Ol ädim bolsa onuň dogumlylygyny alamatlandyryp, öz-özüne ruhy taýdan güýç berýär. Gyzyklanma we ynam maksadaokgunlylygy emele getirip, başlan işini ahyryna ýetirmäge goldaw berýär.

Islendik işewür dünýäde üstünlik gazanmagy üçin öz biliminden, hünärine ökdeliginden daşary orator ýagny suhangöý bolmaly. Sebäbi her bir işewür halk bilen jemgyýet bilen iş salyşýar. Şol nukdaýnazardan ol nirede we kim bilen işleşende-de sözüň gudraty, täsiri bilen öz edýän işini reklama etmegi we özüni diňletmegi başarmaly. Sözleýän sözi onuň işini öňkülerinden has ýokary galdyrybam ýa-da tersine edibem biler.

Diňlemek we okamak adamyň durmuşynda köp zatlaryň üýtgedip bilýär. Dana adamlar bilen söhbetdeşlik, bu durmuşyňa nusga alara mynasyp hasaplanylýar, emma dünýä diňe gowy adamlardan we gowy zatlardan ybarat däl ahyry. Biz biriniň dogrusyna ýene biriniň ýalňyşyna seredip hem netije çykaryp bilmegimiz gerek. Bu babatda bolsa bize töweregimizdäkileriň pikiri we asyrlary gujagyna alan paýhasly setirleriň hem kömegi hem degip bilýär.

Eger-de biz üstünligiň gowy pursatlaryna eýe bolmak islesek bu ýolda bize ünslilik hem wajypdyr. Her işimizde gürleýän sözümizde ünsli bolmagymyz bizi üstünlige ýakynlaşdyrar we hiç kimiň ýanynda ýüzümizi gyzartmaýar.

Iş tarapyndan üstünlige ymtylmak we oňa ýetmek hemmä başardyp biler ýöne eder-de tersine bolan ýagdaýynda mundan baş alyp çykmak her kime başartmaýar. Durmuşdaky adam häsiýetleriniň iň çylşyrymlysyda bu. Iş ýa-da  durmuşda ýüze çykan meseleleri paýhasly çözmek esasy tejribäni talap edýär. Tejribe esasda üstünlige ýetilýär we şol bilen ýüze çykan meseleler çözülýär. Ol çözgüt-de karary sen bermeli we bütin meseläniň ömri saňa bagly bolup bilýär.

Ýokarda agzalan sütünler bu üstünlige ýetmek baradaky pikirlerdir. Indi bolsa ony dowamly saklamak we geljege tarap uzamagy üçin zerur zatlaryň üstünde durup geçeliň.

Aslynda biziň şu pany dünýä gelmegimiziň özi ýaşaýşyň dowamyndaky hiç bir zada deňäp bolmajak gudratyň, durmuşdaky üstünligimiziň naýbaşydyr. Biziň dünýä gelmegimiz kimleriň söýgüleriniň sowgady, kimlere dünýäniň ähli atlaryndan eziz we mukaddes adyň eýesi bolmaga ýagny ata-ene, eje-kaka adyny götermäge miýesser edýäris. Olar bolsa bize ata-enelik mähirlerini sowgat edýärler.  Ata-enäni razy etmek bu ähli gowulyklara barýan her bir ýoluň açarydyr. Dünýädäki ähli gowulyklar şolaryň saýasynda  gutarnyksyzdyr. Her bir işiň başyna barmazdan öňürti ata-enäniň dileglerini almaklyk şol işiň ugruna bolmagyna ýardam edýär. Her günki saçak başyndaky dilegler şükür etmek bilen başlanýar. Sabyrlylyk, kanagatlylyk adamyň durmuşyny bezeýän, olary beýik we abraýly menzillere alyp gidýän häsiýetleriň biridir.

Ýaşamak bilen lezzetli ýaşamagyň aýratynlyklaryny aýdyňlaşdyrýan zatlaryň içine mynasyp hünär saýlamak hem degişli bolup durýar. Adam hünäri boýunça üstünlik gazanyp we şol hünäriň nusgasy hökmünde ýadygär galyp bilýär. Wagtyň geçmegi bilen adam gözünden uzaklaşsa-da şol hünär ony adam aňynda ýaşamagyna sebäp bolýar. Bu ýolda elbetde maslahatlaşmaga, pikir alyşmaga dost hem zerur bolýar. Dost hakdaky gürrüňler şahyryň şu setirlerinde beýan edilýär.

Dost paýlansa äber diýip gyssanma,

Alaňda soň gysgaltma, hem gysgalma,

Dileg etse gözleriňide gysganma,

Birin berde, biri bilen oňup git.

Üstünligiň müdümilik ýaşamagyny gazanmak we lezzetli ýaşaýşy özüňe bagyş etmek üçin durmuşda özüňe we käriňe düşünýän mynasyp ýanýoldaş saýlamaly. Ömür baglajak adamyň saňa laýyk bolmagy bu maşgala atly mukaddes ojagyň mizemez bolmagyna getirýär. Perzentleriň terbiýeli, il-ýurda gerekli bolmagy seniň ähli gazanan üstünlikleriňden zyýadadyr. Ertirki abraýyň, gazananlaryň seniň ýadygär goýan zürýatlaryň terbiýesi bilen kesgitlenilýär.

Pynhanlyk seresaplylyk bu üstünligiň ömrüni uzaltýar we başgalardan tapawutlandyrýan ýoly saňa peşgeş berýär. Bu iki häsiýet adamy başgalardan tapawutlandyrýar we pikiriň ýeke-täk bolup galmagyna sebäp bolýar.

 Şaperi Otuzowa. Talyp.

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak